- müji
- 1) Keýik owlagynyň, guzynyň aşygy, jübül, jümiş.2) Göçme manyda Örän kiçijik, ownuk.∙ Müji ýaly kiçijik kellesiniň çowly gulaklary, onda aýratyn bir gujuryň baryny mälim edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Müji aşygy ýaly kiçijik, kelleňje bir adam onuň göwnüniň tersine bolup çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (ü) ýazylýar.Meselem müji - müjüde, müjüler, müjüsi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.